- ugursyz
- 1) Manysyz, netijesiz, biderek, ähmiýetsiz, bolgusyz.∙ Men onuň bilen gürrüňdeş bolamda, tapýan delillerini ugursyz gördüm-le! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)∙ Soň bolsa ugursyz bir zada gahary gelip, eline ilen zatlary gaýgyrman salyp ugrap barýan baý ogly Mommat hem geldi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)2) Özbaşdak pikiri bolmadyk, bolgusyz geplilik, durnuksyzlyk.∙ Aý ol-a bir ugursyz adam eken!
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.